
News
1105

Eziz Diýarymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2024-2025-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy.
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda döwletimiz boýunça tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän «Mekan» köşgünde Gökderedäki, welaýat merkezlerinden bolsa welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine çagalary dynç alşa ugratmak dabaralary geçirildi. Aýdym-sazly dabarlara gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri tomusky dynç alşa barýan çagalara ak ýol arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, çagalar döredijilik toparlarynyň çeper okaýyşlary ýurdumyzyň ýaş nesliniň bilimli, sagdyn, watansöýüji, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesil bolup kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çagalaryň ýürek buýsanjy, çuňňur hoşallyk sözleri bolup ýaňlandy. Ugradyş dababalarynyň çäklerinde çagalaryň döredijilik işleriniň sergileri hem guraldy.
Aýdym-sazly çykyşlardan soň dynç alşa barýan çagalaryň münen awtobuslarynyň kerweni çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tarap rowana boldy. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine dynç alşa baran çagalar aýdym-sazly çykyşlar bilen mähirli garşy alyndy.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň degresini dag etekläp oturan gözel Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mynasyp dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri, wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda hereker eder, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 7145 çaganyň dynç alşy guralar.
Döwletimiziň welaýatlarynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda hereker edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 1500 çaganyň dynç alşy guralar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 10 günden ybarat bolan 4 tapgyrda hereker edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 1783 çaganyň dynç alşy guralar. Möwsümiň dowamynda Türkmenistanyň Bilim minstrliginde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň, ýetginjekleriň tomusky dynç alyşlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly işleri utgaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy topar hereket eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ministrliklerden we jemgyýetçilik guramalaryndan alnan teklipler esasynda tomus möwsüminde dynç alýan çagalaryň her bir gününi şadyýan hem-de manyly geçirmeklerini üpjün etmek üçin merkezlerde guraljak medeni-köpçülikleýin, dynç alyş, ruhy ösüş we sport-sagaldyş çäreleriniň giňişleýin meýilnamasy taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dürli görnüşli çäreleriň uly toplumy geçiriler, çagalar üçin täsirli gezelençler, sergiler we döredijilik duşuşyklary guralar.
Bagtyýar çagalaryň tomus möwsüminde sapaly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Oguljahan Alamyşowa,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy
orta bilim bölüminiň baş hünärmeni