Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

«EKOLOGIÝA MEDENIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADYDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

03.06.2025

1160

«EKOLOGIÝA MEDENIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADYDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

292-nji iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ekologiýa medeniýeti durnukly ösüşiň binýadydyr» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Onuň umumy mejlisinde ekologiýa abadançylygynyň bagtyýarlygyň kepilidigi, ekologiýa medeniýeti we ýokary okuw mekdeplerinde talyplara ekologik bilim-terbiýe bermegiň usuly aýratynlyklary, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk, Türkmen döwletiniň ekologiýa syýasatynyň esaslary hakynda çykyşlar diňlendi.

Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär» diýen sözleriniň ähmiýetini nygtadylar.

Soňra maslahat «Ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň kepili», «Ýaşlara ylym, bilim, terbiýe bermekde ekologik garaýyşlaryň orny», «Ekologiýa howpsuzlygy hakyndaky ýörelgeler döwrüň möhüm talabydyr», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde dowam etdi.

Olarda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň mümkinçiliklerine, ýagny hünärmenleriň taýýarlygyna hem-de ylmy barlaglaryň netijelerine ýokary baha berilýändigi nygtaldy. Ýokary okuw mekdebinde, aýratyn-da, Agroekologiýa fakultetinde, Ekologiýa kafedrasynda daşky gurşawyň goragy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ylmy esasda öwrenilýär, bu ugurda dürli hünärler boýunça ýaşlara bilim berilýär.

Nygtalyşy ýaly, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillerimize tebigy durkunda we baýlaşdyryp, miras goýmak meselesi «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň çäginde ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamaga mümkinçilik berýän ýaşyl zolaklar, seýilgähler we seýilbaglar döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan we ýiti zehininden dörän ylmy eserlerinde hem tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamaga we olardan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň melhemlik häsiýetleri içgin beýan edilýär. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Çeşmesi: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address