Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi

04.06.2025

1254

Ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi

3-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Ylymlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň kafedralarynda hereket edýän ylmy gurnaklaryň, ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, magistrleriň hem-de talyplaryň arasynda ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige ylmy gurnaklar, ýaş mugallymlar we talyplar tarapyndan taýýarlanan dürli maketleriň, programma üpjünçilikleriniň, önümleriň, web-sahypalaryň, 3D animasiýalaryň, enjamlaryň, abzallaryň 100-e golaýy hödürlenildi.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary çykyş etdiler. Ýaşlaryň ylmy-döredijilik zehinlerini ýüze çykarmakda durmuşa geçirilýän tutumly işler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Ýeňijiler Diplomlar, Hormat hatlar we uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Bäsleşik bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň we monografiýalarynyň sergisi guraldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Çeşme: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address