Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

04.06.2025

1048

Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

4-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Ylymlar güni mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň ylmy we ýokary tehnologiýalary ösdürmek baradaky syýasaty – ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, magistrleriniň, talyplaryň, şeýle-de ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, ministrliklerdir pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleriniň 490-a golaý ylmy nutuklary meýilleşdirildi.

Maslahatyň işi umumy mejlisden we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe takyk ylymlary döwrebap ösdürmegiň meseleleri», «Ýurdumyzyň ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösdürilmeginde maglumat ulgamynyň we programma üpjünçiliginiň orny», «Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüşini ýokarlandyrmakda fizikanyň we nanotehnologiýanyň orny», «Ýurdumyzda himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň toplumlaýyn ösdürilmeginde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti», «Ýurdumyzyň biologiýa dürlüliginiň döwrebap öwrenilmegi we goralyp saklanmagy — Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň orny», «Türkmen dilini we edebiýatyny öwretmegi kämilleşdirmegiň ylmy-usuly meseleleri», «Täze taryhy döwürde iňlis dilini we edebiýatyny innowasiýa tehnologiýalary arkaly öwretmegiň usullary», «Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň we terjime etmegiň täzeçil usullary», «Türkmenistanyň taryhyny öwrenmegiň we medeni mirasyny goramagyň häzirki zaman meseleleri», «Ýurdumyzyň durnukly ykdysady binýadyny pugtalandyrmakda döwrebap kanunçylyk namalarynyň orny» atly bölümleriň 11-sinden ybarat boldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek babatda durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address