
News
1094

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanyldy, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 711 medala we dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda “Soňky jaň” dabaralary guramaçylykly geçirildi.
Şu ýylyň bäş aýynda ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen işler dowam etdirildi. Aspirantura, doktorantura hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 114 adam kabul edildi.
Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda türgenlerimiz halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 349 medala mynasyp boldular. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport çäreleri, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalaryň we ýetginjekleriň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dynç alyş çärelerini guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.