Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Sanly sport boýunça merkezara ýaryş

12.06.2025

532

Sanly sport boýunça merkezara ýaryş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz aladalary netijesinde döwletimizde röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, göwnejaý dynç almagy, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer nesil bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Şu günler ýurdumyzda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýaş raýatlary dynç alyşlaryny şadyýan geçirýärler.

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertler döredildi. Dynç alýan çagalaryň arasynda dürli görnüşli sport ýaryşlary, türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. 

Şeýle sport ýaryşlarynyň biri hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Energohyzmat” döwlet birleşiginiň Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi. Bu merkezde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda sanly sport boýunça merkezara toparlaýyn ýaryş geçirildi.

Sanly sport boýunça geçirilen merkezara toparlaýyn ýaryşa Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ählisinden sanly sportuň görnüşleri bilen meşgullanmaga höwesli çagalardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Sanly sport boýunça geçirilen  merkezara ýaryşda ýeňiş gazanmaga höwesli çagalaryň görkezen netijeleri guwandyryjy boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça “Ýaşlyk”, “Çynar”, “Çeşme”, “Nesil”, “Altyn damja”, “Nesil”, “Şöhle” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinden gatnaşan toparlar ýeňiji diýlip yglan edildi we olara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 

Ýaryşyň dowamynda tanymal türgenleriň görkezen sport-görkezme çykyşlary, merkezlerde dynç alýan çagalardan düzülen döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary merkezara ýaryşa aýratyn joşgun berdi.

Oguljahan Alamyşowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address