Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Baýramçylyk mynasybetli bäsleşik geçirildi

12.06.2025

593

Baýramçylyk mynasybetli bäsleşik geçirildi

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden çagalaryň ýüzlerçesi dynç alýar. Bu merkezde çagalaryň dynç alşy gyzykly we täsirli guralýar. Merkezde hereket edýän gurnaklar, gezelençler, teatrlaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary, döredijilk duşuşyklary, muzeýleriň göçme sergileri, meýilnama laýyklykda geçirilýän dürli görnüşli zehin hem-de döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary çagalaryň dynç alşynyň göwnejaý guralmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Altyn sümmül” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda hereketli we türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşige çagalar işjeň gatnaşdylar. 

Baýramçylyk mynasybetli geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.  

Şamyrat Baýhanow,

“Altyn sümmül” çagalar dynç alyş we sagaldyş

merkeziniň uly terbiýeçi-mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address