Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ynsanperwer ylymlary boýunça maslahat geçirildi

13.06.2025

533

Ynsanperwer ylymlary boýunça maslahat geçirildi

12-13-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirilýär. 13-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy maslahatyň «Ynsanperwer ylymlary» boýunça 6-njy bölümçesi öz işini alyp bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan ylym ulgamyndaky beýik özgertmeleri halkara hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ugrundan tejribe alyşmakda mynasyp orna eýe bolýar. Bölümçede 140-den gowrak çykyş meýilleşdirildi. Onuň dowamynda utgaşykly görnüşde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Mongoliýadan alymlaryň, professor-mugallymlaryňdyr hünärmenleriň ylmy nutuklary diňlenildi.

Şonuň ýaly-da, maslahatyň bölümçesinde türkmen alymlarynyň, ylmy işgärleriň, professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň hem ylmy nutuklary diňlenilip, olar esasan, ynsanperwer ylymlar ulgamyndaky dürli meseleler hem-de dünýä tejribesi barada boldy. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ylmy çykyşlary bilen baglanyşykly özara pikir alyşdylar.

Ýokary guramaçylykly geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address