
News
107

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň 6-7-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. «Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» diýen şygar astynda geçen bu bäsleşik «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy.
Çekeleşikli geçen bäsleşik mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmakda, olary ýol hereketiniň düzgünleri bilen has içgin tanyşdyrmakda, bu kadalara jogapkärçilikli çemeleşmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýe boldy. Oňa her biri 5 okuwçydan ybarat bolan 6 topar gatnaşdy. Bäsleşik ýol hereketiniň kadalary esasynda taýýarlanan elektron sowalnamalar, ýol belgileridir ýol çyzgylaryny test boýunça bilmek, olaryň manysyny we ýol hereketine gatnaşyjylardan bildirilýän talaplary görkezme esbaplardan düşündirmek ýaly görnüşlerde dowam etdi.
Eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdep baş baýraga, 31-nji orta mekdep birinji, 14-nji orta mekdep ikinji, 24-nji orta mekdep bolsa üçünji orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Leýli GURBANOWA,
«Nesil».
17.09.2024ý. № 75