Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmenistanyň bilim ulgamynda innowasion hyzmatdaşlyk

13.06.2025

588

Türkmenistanyň bilim ulgamynda innowasion hyzmatdaşlyk

2025-nji ýylyň 11–23-nji iýun aralygynda ABŞ-nyň meşhur «Fulbright» alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde doktor Melda Ýyldyz Türkmenistanda iş saparynda boldy. Bu sapar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi (IMM) bilen hyzmatdaşlykda guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirildi.

Saparyň dowamynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri, şol sanda IMM-niň işgärleri üçin ýörite ussatlyk sapaklary geçirildi. Onda häzirki zaman tehnologiýalarynyň, aýratyn-da, emeli aň (AI) ulgamynyň durmuşdaky meseleleri çözmekde we dürli ugurlar boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde tutýan möhüm orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-nji iýunda geçirilen duşuşykda IMM-niň direktory Çary Hanmuhammedow bilen doktor Melda Ýyldyz özara pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda emeli aňyň diňe bir tehnologiýa hökmünde däl, eýsem, tebigaty goramak, jemgyýetiň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipelere hyzmat etmelidigi aýratyn nygtaldy.

Melda Ýyldyzyň sapary iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, täze başlangyçlaryň öňe sürülmegine hem-de ýaş hünärmenleriň innowasion pikirlenmesini ösdürmäge oňyn täsir ýetirer diýip garaşylýar.

Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara derejesindäki tejribeleri öwrenmäge we olary üstünlikli ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Innowasiýa maglumat merkezi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address