Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ýurdumyzda “San­ly çöz­güt — 2025” at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça işler al­nyp ba­ryl­ýar

14.06.2025

1012

Ýurdumyzda “San­ly çöz­güt — 2025” at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça işler al­nyp ba­ryl­ýar

Türkmenistanda “San­ly çöz­güt — 2025” at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça degişli işler al­nyp ba­ryl­ýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 13-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýewiň hasabatynda aýdyldy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­tda ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýan bu bäs­le­şi­gi eme­li aň, ro­bo­to­teh­ni­ka we aw­to­ma­ti­za­si­ýa, “akyl­ly” oba ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, “akyl­ly” şä­her, bi­lim we elekt­ron okuw, san­ly luk­man­çy­lyk hem-de hyz­mat­lar ul­ga­my ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bäs­le­şik­de hö­dür­le­nil­jek tas­la­ma­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­na san­ly çöz­güt­le­ri we tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.

Agent­li­giň ýol­baş­çy­sy Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­ ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­tda san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, her ýyl ge­çi­ril­ýän in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ne prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni iş­läp düz­ýän we in­no­wa­sion oý­lap ta­pyş­lar bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň giň­den gat­naş­ma­gy­nyň bu ugur­da­ky öz­gert­me­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ «San­ly çöz­güt — 2025» at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni yg­lan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­dap, agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address