Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty

“HOŞ GAL, HÜNÄR BEREN BILIM OJAGYM!”

16.06.2025

440

“HOŞ GAL, HÜNÄR BEREN BILIM OJAGYM!”

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda “HOŞ GAL, HÜNÄR BEREN BILIM OJAGYM!” ady bilen “UÇURYM – 2025” soňky jaň dabarasy geçirildi.

Institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy we ynsanperwerligi ündäp, ylym-bilime, pähim-paýhasa belent sarpa goýup gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri hökmünde eziz Watanymyza, ajaýyp durmuşymyza guwanmak, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, il içinde abraý-mertebä, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaly asylly işleriň ýaş nesilleriň belent borjy bolmalydygy barasynda çykyşlarda aýdyldy. Ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň uly depginler bilen ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişen uçurymlar öz bilim alan ýokary okuw mekdebinde sanly ulgamy ulanmak arkaly geçirilýän döwrebap okuwlarda bilimlerini artdyryp, hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ykdysadyýetimiziň has-da ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar. Dabarada okuwda, ylymda, sportda uly üstünliklere mynasyp bolan, jemgyýetçilik köpçülik işlerinde göreldeli zähmet çeken hem-de halkara we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde ýeňişli orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara, şeýle hem halypa mugallymlara hormat hatlaryny hem-de sowgatlary gowşurmak dabarasy has-da joşgunly boldy. Ýokary okuw mekdebiň çeper höwesjeňleriniň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri baradaky ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. “HOŞ GAL, HÜNÄR BEREN BILIM OJAGYM!” ady bilen “UÇURYM – 2025” soňky jaň dabarasynyň bellenilýän pursatlary uçurym ýaşlaryň durmuşynda iň bir süýji ýatlama bolup, ýüreklerinde baky orun aldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli ýaşlary bolup, özleri hakynda edilýän aladalar üçin Arkadagly Gahryman Prezidentimize tüýs ýüreklerinden alkyşlar aýdyldy. Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynda uly buýsanç döredýär hem-de şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address