Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI «YLYM ÖSÜŞIŇ KUWWATLY GÜÝJI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

10.06.2025

58

YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI 
«YLYM ÖSÜŞIŇ KUWWATLY GÜÝJI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” her bir güni şanly wakalara, ajaýyp sepgitlere beslenýär. Ylym we bilim her bir döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden dabaralandyrylýar. 2025-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleriniň, Arkadag şäherinde ýerleşýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň hem-de akademiýamyzyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Ylym ösüşiň kuwwatly güýji” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler: Türkmenlerde “Ylymly il ozar, ylymsyz il tozar” ýa-da “Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli — müňini” “Bir okana bar, bir-de dokana”, “Hünärli ýigit miweli agaç” diýen pähim-parasatly sözleriň aňyrsynda halkyň ykbaly ýatandygyny belläp geçdiler. Soňra bolsa, ylmy-amaly maslahat “Ylym ösüşleriň özeni” we “Ylym – bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi” atly 2 sany bölümçede dowam etdi.

        Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman, Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.

Daýanç Myradow

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň ylym bölüminiň

hünärmeni

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address