Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty

MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR

18.06.2025

531

MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR”  atly institutyň kitaphana bölümi bilen bilelikde edebi-sazly wagyz-nesihat baýramçylyk çäresi geçirildi.

Dabarada edilen çykyşlarda asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda her ýylyň iýun aýynyň 27-sine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabara bilen döwlet derejesinde bellemek asylly däbe öwrülendigi beýan edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda merdana türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň baýramy saýylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni jemgyýetde milli jebisligiň, rowaçlygyň, berkararlygyň uly ähmiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki-gün agzybir halkymyz dana şahyryň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlarynyň hasyl bolýan günlerinde ýaşaýar. Her bir halkyň dünýä medeniýetine goşan goşandy onuň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenilýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döreden halkdyr. “MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR” atly edebi-sazly wagyz-nesihat baýramçylyk çäresinde çykyş eden mugallymlaryň ýurdumyzyň täsin galdyrýan we seýrek duşýan medeni-taryhy ýadygärlikleriniň, muzeýleriniň, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň ýaş nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadygy barasyndaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.  Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen atly edebi-sazly wagyz-nesihat baýramçylyk çäresi, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address