Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Halkara küşt ýaryşyna gatnaşyjylar üçin gezelençler guraldy

18.06.2025

664

Halkara küşt ýaryşyna gatnaşyjylar üçin gezelençler guraldy

Aşgabatda küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryş dowam edýär. Ýaryşyň ikinji gününde ýaşajyk küştçüler rapid görnüşi boýunça bäsleşip, zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli ýagdaýda geçen oýunlardan soňra, ýaryşa gatnaşyjylar üçin taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde, günüň ikinji ýarymynda Aşgabat şäheri boýunça gezelençler guraldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Dürli ýurtlardan ýaryşa gatnaşýan myhmanlar, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet sirkine baryp gördüler. Sirk ussatlarynyň çykyşlary myhmanlarda ýakymly täsir galdyryp, özboluşly şatlyk hem ruhubelentlik duýgularyny döretdi.

Soňra myhmanlar Olimpiýa şäherçesindäki dürli sport desgalaryna aýlanyp gördüler. Bu ýerde olar ýurduň häzirki zaman sport mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyş boldular. Başa-baş söweş sungaty sport toplumy, Sportuň oýun görnüşleri toplumy, Welotrek binasy we Olimpiýa suw-sport toplumy ýaly desgalar öz döwrebaplygy bilen myhmanlary haýran galdyryp, olarda uly gyzyklanma döretdi.

Halkara ýaryşa gatnaşyjylar paýtagtyň beýleki gözel künjeklerine, şol sanda «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähine hem aýlandylar. Dürli ýurtlardan gelen ýaşajyk türgenler deň-duşlary bilen dürli oýunlary oýnap, tomus şatlygyny paýlaşdylar, ýadygärlik suratlara düşüp, ýatdan çykmajak şeýle ýakymly pursatlary ebedileşdirdiler. Gezelenjiň çäginde myhmanlar paýtagtyň «Berkarar», «Aşgabat», «Arkaç» ýaly döwrebap söwda-dynç alyş merkezlerine-de baryp gördüler diýlip, habarda bellenilýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address