Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ýaş žurnalistler üçin gollanma

20.06.2025

788

Ýaş žurnalistler üçin gollanma

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasy neşir edildi.

Köpýyllyk žurnalistik we mugallymçylyk iş tejribesine esaslanyp taýýarlanylan gollanma bu awtoryň žurnalistiň döredijilik işiniň özenini düzýän ugurlar: maglumaty gözlemegiň, saýlap-seçmegiň, seljermegiň we hemmetaraplaýyn akyl ýetirmegiň, döredijilik taýdan gaýtadan işlemegiň usullary ýaly ugurlar boýunça bilimleri bermeklik göz öňünde tutulan “Žurnalistikanyň döredijilik işiniň esaslary”, “Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti”, şeýle hem, bazar şertlerinde hereket edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti, menejmenti we marketingi boýunça maglumatlar ýerleşdirilen “Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti” hem-de redaksiýalaryň hereket etmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolan mahabat işiniň düýp manysy, onuň aýratynlyklary hem-de guralyşy bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilip, mahabatyň ähmiýetine, onuň görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilýän “Mahabatyň esaslary” ýaly ozalky okuw kitaplarynyň üstüni ýetirdi. 

“Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasynyň türkmen halkynyň   Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalistika barada aýdan birnäçe parasatly pähimleri bilen başlanmagy kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar.     Makalalaryň žanrlar toparlaryna gysgaça düşündiriş berilmegi, interwýu alnyşy, makalanyň ýazylyşy, makalany tiz ýazmagyň ýollary, žurnalistiň tekstiniň redaktirlenişi, gazet neşirleriniň žanrlary we başgalar barada maglumatlaryň ýerleşdirilmegi talyplaryň bu ugurdaky bilimlerini has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.

Gollanmanyň “Žurnalistika hakynda söz”, “Tejribeli žurnalistlerimizden ýaşlara peýdaly maslahatlar” bölümleriniň, şeýle-de gollanmanyň awtorynyň metbugat çykyşlarynyň onlarçasynyň žanrlar toparlary boýunça bölünip berilmegi-de hünär kämilligi babatda ýaşlar üçin ähmiýetli bolup durýar.                       

Ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary, şol sanda bu ugurdan ders berýän mugallymlary üçin niýetlenilen we ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän başlangyç žurnalistler üçin-de peýdaly bolup biljek bu kitabyň ýaşlaryň öz köpgyraňly hünärlerini kämil özleşdirmekleri üçin peýdaly gollanma boljakdygyna, “Halypa-şägirt” ýörelgesinde öz mynasyp ornuny eýelejekdigine umyt bildirýäris.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address