Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Medeniýet we sungat-Watanymyzyň egsilmez ruhy baýlygydyr

20.06.2025

723

Medeniýet we sungat-Watanymyzyň egsilmez ruhy baýlygydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Her bir halkyň öz milli özboluşlylygyny, keşbini suratlandyrýan milli medeni mirasy, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine itergi beren gymmatly taglymatlary, röwşen pikirleri bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, biz bütin adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna hormat goýýarys we şol esasda-da hakykaty, haýry dabaralandyrýan, halklary ysnyşdyrýan medeniýetleriň ýakynlaşmagy ugrunda çalyşmalydyrys” diýip belläp geçýär. Bu ajaýyp pähimlerden ugur alyp, berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine uly sarpa goýulýar. Sebäbi milli sungat, medeniýet, mukaddes maksada-adamlary ýagşy işlere ruhlandyrmaga, halkyň agzybirligini gazanmaga, ony mukaddes ýörelgeleriň daşynda jebisleşdirmäge gulluk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň medeniýet ulgamy belent derejelere eýe bolýar, medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy, täze döwrüň talaplaryna görä ösdürmek babatdaky alyp barýan işleri bu gün bütindünýä nusgalykdyr.

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanda pederlerimizden galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Türkmen medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewiligini aýawly saklamaga gönükdirilen. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, maslahatlar, festiwallar, we şol sanda halkara derejedäki bäsleşikler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Däp bolup gelşi ýaly, Medeniýet hepdeligi Eziz Diýarymyzda giňden bellenilýär, bu ajaýyp sene, ýagny, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde Aşgabat şäher Büzmeýin etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly, medeni çäre geçirildi.Ýokary okuw mekdebimiziň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym sazly çykyşlar, talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň ýürek buýsançlary çäräniň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Çäräniň dowamynda milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

 Baýramgül Kuliýewa

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address