Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Fransiýada geçirilen Halkara maslahatynda türkmen wekiliýeti durnukly ösüş ugrunda alnyp barylýan başlangyçlary tanyşdyrdylar

24.06.2025

790

Fransiýada geçirilen Halkara maslahatynda türkmen wekiliýeti durnukly ösüş ugrunda alnyp barylýan başlangyçlary tanyşdyrdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 17-20-nji iýuny aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäherinde Indoneziýanyň Uniwersiteti we Fransiýanyň Côte d’Azur Uniwersiteti bilen bilelikde geçirilen, 11-nji UI GreenMetric Dünýä Uniwersitetleriniň Derejelendirmesi boýunça Halkara Maslahatyna (IWGM 2025) gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdylar. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan durnukly ösüş boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, görnükli alymlaryny, professorlaryny, dosentlerini, mugallymlaryny bir ýere jemlenmegine getiren maslahatyň açylyş dabarasy we bölümleri Côte d’Azur Uniwersitetiniň taryhy binasy Château de Valrose galasynda we dünýäniň ilkinji uly obserwatoriýalarynyň biri bolan Côte d’Azur Observatoriýasy alnyp baryldy.

Maslahatyň açylyş dabarasynda dünýä belli professorlaryň gutlag sözleri we çykyşlary diňlenildi. Olardan:

  • Oksford uniwersitetiniň Nature Positive Universities inisiatiwasynyň koordinatory Emili Sott biodürlüligi goramakda uniwersitetleriň tutýan orny barada belläp geçdi;
  • Côte d’Azur uniwersitetiniň rektory Professor Žanik Briswalter durnuklylyk üçin halkara akademiki hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi;
  • UI GreenMetric guramasynyň başlygy Prof. Riri Fitri Sari uniwersitetleri dolandyrmak ulgamlarynda durnuklylyk görkezijilerini integrirlemegiň wajyplygyny nygtap geçdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Mikrobiologiýa, wirusologiýa we immunologiýa kafedrasynyň mugallymy Serdar Gedaýew, şeýle hem S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Okuw bölüminiň başlygy Begenç Ýowbagşyýew we şol uniwersitetiň Umumy himiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Kadyyr Amanow çykyş etdiler.

“Uniwersitetlerde durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek: Biziň jemgyýetimiziň we guramamyzyň taryhy” mowzugy bilen geçirilen maslahatda, uniwersitetleriň durnukly ösüş babatynda tutýan möhüm orny ara alyp maslahatlaşyldy. Dört günläp dowam eden çärä, gatnaşyjylar energiýa tygşytlylygy, ekologik bilim, tebigy baýlyklaryň dolandyryşy we durnukly uniwersitet şäherçesiniň döredilmegi ýaly ugurlarda innowasion çemeleşmeler bilen tanyşdyryldy.

Serdar Gedaýew maslahatda “Biziň jemgyýetimiziň we guramamyzyň galyndylary dolandyryrmakdaky taryhy” atly bölüminde başlygyň orunbasary hökmünde çykyş etdi. Şeýle hem Serdar Gedaýew “Chlorella vulgaris alynan bioýangyjyň Türkmenistanda durnukly energiýa çeşmesi hökmünde peýdalanylmagy” atly tema boýunça çykyş etdi. Çykyş örän täsirli boldy.

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Kadyr Amanow we Begenç Ýowbagşyýew bilelikde “Galyndylaryň durnukly dolandyrylyşy: Maldarçylyk galyndylaryndan organomineral dökün öndürmek” atly tema boýunça çykyş etdiler. Bu taslamada Türkmenistanda oba hojalygyň durnukly ösüşini gazanmakda ýapyk görnüşli aýlanşyk çemeleşmesini ulanmagyň aýratynlyklary beýan edilýär.

Geçirilen çäräniň esasy pursatlarynyň biri hem UI GreenMetric ulgamyna täze kabul edilen agzalaryň Deklarasiýa gol çekmek dabarasy boldy. Bu hem öz gezeginde global hyzmatdaşlygyň BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna laýyklykda giňeldilmegine uly itergi berýär. Soňra bolsa, 12-nji UI GreenMetric Dünýä Uniwersitetleriniň Derejelendirmesi boýunça Halkara Maslahatynyň (IWGM 2026) nobatdaky geçiriljek ýeri hökmünde Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde ýerleşýän Adam Miskewiç uniwersiteti saýlanyp alyndy we bu barada hasabat diňlenildi.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden degişli wekilleriň bu maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň uniwersitetleriniň halkara derejesinde gazanan üstünliklerini görkezmegine, şeýle hem, Braziliýa, Fransiýa, Germaniýa, Indoneziýa ýaly döwletleriň akademiki liderleri bilen bilimlerini we tejribelerini alyşmagyna mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleriniň maslahatyň çäginde durnukly ösüş we ekologiýa babatynda örän wajyp ähmiýete eýe bolan alternatiw energiýa çeşmeleri we gaty galyndylary dolandyrmaklyga degişli hödürleýän taslamalary bilen çykyş etmekligi Türkmenistanyň ylmy-bilim ulgamynda alnyp barylýan we durnukly ösüşe gönükdirilen işlere uly goşant goşmaga we ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňelmegine ýardam berer.

UI GreenMetric ýaly halkara platformalar ekologiýa taýdan jogapkärli uniwersitet ösüşini üpjün etmekde möhüm rol oýnaýarlar. Türkmenistanyň bilim ojaklarynyň hem şeýle abraýly guramalaryň çärelerine gatnaşmagy, olaryň dünýäniň ylmy-bilim jemgyýetçiligi bilen ýakyn aragatnaşygy saklamagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address