Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

«Dünýä dilleri we medeni diplomatiýa — halklary jebisleşdirýän dostluk köprüsi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

24.06.2025

567

«Dünýä dilleri we medeni diplomatiýa — halklary jebisleşdirýän dostluk köprüsi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

24-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Dünýä dilleri we medeni diplomatiýa — halklary jebisleşdirýän dostluk köprüsi» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýalarynyň mejlislerinde Kararnamalaryň 30-dan gowragynyň kabul edilendigi bellenildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, medeniýet we sungat işgärleriniň türkmen jemgyýetindäki orny bilen baglanyşykly söhbetler edildi.

Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi.

Uniwersitetiň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirilip, Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş» goşgusyna türkmen we iňlis dillerinde aýdym ýaňlandy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size Arkadagly Serdarymyz», «Bitarap Türkmenistan» atly aýdymlar çärä gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.

Wagyz-nesihat çäre bilen ugurdaş uniwersitetiň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň, alymlaryň monografiýalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň häzirki zaman ösüşlerini beýan edýän taslamalaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan işläp düzmeleriň sergisi guraldy.

Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap hem-de ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address