Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň rus dilini öwreniş maksatnamalary boýunça 300-den gowrak şahadatnama gowşuryldy

01.07.2025

560

Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň rus dilini öwreniş maksatnamalary boýunça 300-den gowrak şahadatnama gowşuryldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçendigi baradaky şahadatnamalary we sertifikatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaraly çäre dostlukly ýagdaýda geçip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary depginlerde ösdürilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi diýlip, institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Dabara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, institutyň ýolbaşçylarydyr hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda rus filologiýasy boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça iki okuw maksatnamasyny geçen mugallymlara we talyplara şahadatnamalar hem-de sertifikatlar gowşuryldy. Bu okuwlar diňleýjiler üçin rus dilini we edebiýatyny öwrenmegiň derwaýys meseleleri boýunça russiýaly alymlaryň soňky gazanan netijeleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address