Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞY

10.07.2025

890

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞY

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak günler başlanýar. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç almaklaryna giň mümkinçilikler bar.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky “Dürdäne” çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezinde hem çagalar öz wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirýärler. Sagaldyş we dynç alyş merkezinde guralýan gyzykly medeni çäreler, sport bäsleşikleri, çeper okaýyşlar we başda-da birnäçe dürli bäsleşikler çagalara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary sowgat edýär.

Şeýle ýatda galyjy çäreler Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölümi tarapyndan hem geçirildi. Tassyklanylan meýilnama laýyklykda “Dürdäne” çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna sowgat beren täze eserlerini wagyz etmek, “Meniň söýgüli gahrymanym” ady bilen surat bäsleşigi, “Ertekiler dünýäsine syýahat” ýaly çäreler guraldy.

Bu bäsleşikler çärä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Geçirilen çäreler çagalaryň dynç alyş döwründe dürli ugurlar boýunça zehinleriniň ýüze çykmagyna, okamak, öwrenmek höwesleriniň artmagyna itergi berýär.

Sapamuhammet Sähetow,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň hünärmeni

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address