Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Astrahanda bilim alýan türkmen talyplarynyň sany 60% artdy

11.07.2025

785

Astrahanda bilim alýan türkmen talyplarynyň sany 60% artdy

Astrahan oblastynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlarynyň sany häzirki wagtda 3 müňe golaýlady. Geçen ýylyň möçberi bilen deňeşdirilende sebite gelen türkmen talyplarynyň sany şu ýyl 60 göterim ýokarlandy.

Bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri Astrahan oblastynyň daşary gatnaşyklary ministri Wadim Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň arasynda geçirilen iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda taraplar bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi, şeýle hem türkmen bazaryna ugradylýan bilim hyzmatlarynyň eksporty, Astrahan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwer we ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Wadim Golowkowuň VK sahypasynda maglumat berilýär.

Golowkow bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant hökmünde Astrahan oblastynda geçiriljek «Hazar möwsümleri» festiwalyna hem-de 10-njy Hazar media forumyna Türkmenistandan resmi wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşýandyklaryny belledi. Şeýle-de awgust aýynda türkmen metbugatynyň wekilleri üçin sebite metbugat-saparyny (press-tur) guramak baradaky mümkinçilikler işlenilýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address