Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

KOREÝ DILINDÄKI KITAPLAR SOWGAT BERILDI

14.09.2024

149

KOREÝ DILINDÄKI KITAPLAR SOWGAT BERILDI

Düýn paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi bilen, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan koreý dilini öwrenýän okuwçylara okuw gollanmalarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugur boýunça has-da pugtalandyrylýandygynyň hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Aşgabatdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdep bolsa ýurdumyz boýunça okuwçylara koreý dilini öwredýän ýeke-täk döwlet bilim ojagydyr.

Şu günki dabara barada dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili hanym Çe Minkýong bize şeýle gürrüň berdi: «Güneşli Türkmenistanda daşary ýurt dillerini, aýratyn-da, koreý dilini çuňňur öwrenmek boýunça öwgä mynasyp işler alnyp barylýar. Muňa biz şu günki çärä gatnaşan mugallymlardyr okuwçylaryň koreý dilinde gepleýişlerini diňläp, ýene bir gezek göz ýetirdik. Şol sebäpden hem olaryň bu dili içgin öwrenmegi üçin okuw gollanmalaryny gowşurmak örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Okuw gollanmalarynyň arasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar, başlangyç we ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenen gyzykly ýumuşlardan, gönükmelerdir dürli tekstlerden ybarat kitaplar bar. Olaryň jemi sany 280-e ýetýär. Şeýle okuw gollanmalaryny şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, 6-njy sentýabrda bolsa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezine sowgat hökmünde gowşurdyk».

88-nji orta mekdebiň müdiri Arslan Ýabanow bu bilim ojagynda okuwçylara koreý dilini öwretmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen döwrebap şertler barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu mekdepde koreý dilini öwretmek 2009-2010-njy okuw ýylynda ýola goýuldy. Häzirki wagtda 5-nji synpdan 10-njy synpa çenli okuwçylara jemi 4 sany koreý dili mugallymy sapak berýär. Olardan mugallymlar Gülkamar Gylyjowa bilen Güljan Şahaýewa başlangyç synp okuwçylara, Dünýä Söýünnazarowa bilen Jemal Jumaýewa bolsa ýokary synp okuwçylara bu dili düýpli öwredýärler. Olaryň koreý dili boýunça okuw gollanmalaryny taýýarlamaga-da işjeň gatnaşýandyklary guwandyrýar. Şeýle-de olardan D.Söýünnazarowa bilen J.Jumaýewa dagy Koreýa Respublikasynda koreý dilini okatmak boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Leýli Babanyýazowa hem döwletimiz tarapyndan 2023-nji ýylyň noýabr aýynda okuw sapary bilen dostlukly ýurtda bolup, tejribeli mugallymlardan sapak aldy. Mekdepde koreý dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşigiň, koreý dili hepdelikleriniň, açyk sapaklaryň yzygiderli geçirilip durulmagy okuwçylara dostlukly ýurduň medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny öwrenmäge ýardam edýär.

Diller — dostluk köprüsi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda koreý dilini öwrenmegi kämilleşdirmek boýunça geçirilen dabara muny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Şeýle hem okaň: newscentralasia.net

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW. 

“Türkmenistan”

14.09.2024ý. №234


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address