Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde resmi iş kagyzlaryny kabul etmek işleri badalga aldy

15.07.2025

1357

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde resmi iş kagyzlaryny kabul etmek işleri badalga aldy

14-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri badalga aldy. Giriş synaglarynyň öňüsyrasyndaky resmi iş kagyzlaryny kabul etmek döwri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem ýokary guramaçylyk ýagdaýyna eýe bolýar.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Talyplyga dalaşgär raýatlar 2025/2026-njy okuw ýyly üçin hünärmen maksatnamasynda 14 ugur we bakalawr maksatnamasynda 4 sany taýýarlygyň ugurlary boýunça býujet we tölegli esasda, jemi 34 sany hünär boýunça okuwa kabul ediler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girmek isleýän raýatlaryň resmi iş kagyzlary 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibine laýyklykda, uniwersitetde hem-de welaýat merkezlerindäki bellenilen ýerlerde kabul edilýär. Resmi iş kagyzlaryny kabul etmek 27-nji iýula çenli dowam edýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäherinde) degişli tertipde bellenilen möhletlerde geçirilýär.

Doly maglumat üçin ŞUŇA bas.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address