Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Şatlykly günleriň goýnunda

15.07.2025

262

Şatlykly günleriň goýnunda

Dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bagtyýar nesillerimiziň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Biz hem Gökderede ýerleşýän «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde bolup, çagalar üçin döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdyk. 

Ýakynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda «El hünäri il gezer» diýen at bilen dürli görnüşli materiallardan sungat eserlerini döretmek, asfalta surat çekmek we milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guraldy. Zehini bilen tapawutlanan çagalar özleriniň ezberligi we çeýeligi, ugurtapyjylygy bilen tapgyryň dowamynda reňkli kagyzdan, tebigy önümlerden dürli döredijilik işleriniň sergisini guradylar.

Bäsleşik Köpetdagy etekläp oturan Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde geçirilip, onda «Ýaşlyk», «Çynar», «Şöhle», «Nebitçi», «Demirýolçy» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar hem bäsleşdiler.

Örän çekeleşikli geçirilen bu bäsleşikde dynç alýan gyzjagazlar ene-mamalarymyzdan galan el işleri bolan keşde çekmek, küjüme çekmek, alaja örmek, ýüň daramak, haly dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Çäräniň dowamynda surat çekmek boýunça hem bäsleşik guraldy. «El hünäri il gezer» bäsleşiginde el işleri bilen «Ýaşlyk», «Çynar», «Şöhle», «Nebitçi», tebigy önümlere we materiallara täze öwüşgin bermek döredijilik işleriniň sergisinde «Demirýolçy», «Şöhle», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri öňe saýlandy. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Tomusky dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezine dynç almaga geldim. Merkezde çagalar şatlykly we sapaly dynç almak üçin ähli şerler döredilen. Bu ýerde dynç alýan wagtymyzy gyzykly geçirmek üçin dürli gurnaklar hereket edýär. Şolaryň arasynda sportuň milli göreşi boýunça türgenleşikler mende aýratyn täsir galdyrdy.. Sportuň bu ugry boýunça geçirilen bäsleşiklerde dürli orunlara mynasyp hem boldum. Ondan başga-da bu ýerde daşary ýurt dillerini dil merkezleri hem hereket edýär. Men bu ýerde iňlis, rus dillerini deň-duşlarym bilen özleşdirdim. Tomusky dynç alýan wagtymda ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen çagalar bilen hem dostlaşyp wagtymyzy hoş geçirýäris. Biz ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüregimizden köp-köp sag bolsun aýdýarys ― diýip, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ýunus Aýdogdyýew gürrüň berdi.

Aýjennet ROZYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

 žurnalistikasy fakultetiniň talyby. 

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address