Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Awaza BMG-niň ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk görýär

16.07.2025

424

Awaza BMG-niň ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk görýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen halkara derejeli forumlaryň, iri maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Muňa şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde: «Türkmen tarapy Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakynda» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýär. Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr» diýmek bilen, täze başlangyçlary öňe sürdi. Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň howandarlygynda geçiriljek wekilçilikli maslahat hem Zeminiň çar künjeginden myhmanlary bir ýere jemläp, bu hakykaty ýene bir ýola äleme ýaýar.

Halkara maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem-de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň dürli derejeli wekillerini bir ýere jemlär. Onuň gün tertibine laýyklykda, häzirki zaman döwletara we halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlar — ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň esasy maksady bolsa, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenen, 17 maksady hem-de 169 wezipäni özünde jemleýän BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary garyplygy aradan aýyrmaga, ekologiýany gorap saklamaga, deňligi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek bilen, ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygyny nobatdaky gezek görkezer.

Selbi Batyrowa,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address