Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

dalasgar.bilim.tm

Centralized services and information portal of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

“Iň gowy ylmy makala — 2025” atly halkara ylmy-barlag bäsleşiginiň jemleri jemlendi

18.07.2025

676

“Iň gowy ylmy makala — 2025” atly halkara ylmy-barlag bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Ýakynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulag institutynyň hem-de “Kaspi ylmy žurnaly” atly ylmyneşiriň bilelikde yglan eden “Iň gowy ylmy makala — 2025” atly halkara ylmy-barlag işleriniň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.

Bäsleşik psihologiýa,pedagogika, tehnosferahowpsuzlygy, maglumattehnologiýalary ugurlary boýunça geçirilip, oňa Russiýanyň, Hytaýyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de bilim edaralarynyň mugallymlary, talyplary we ylmy işgärleri tarapyndan 50 töweregi ylmy işler hödürlenildi.

Halkara ylmy-barlag bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň müdiri Gülruh Gurbanowa, şol kafedranyň mugallymy Aýjemal Hajyýewa, pedagogika kafedrasynyň mugallymy Meretdurdy Meretdurdyýew, psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary Ýazgurban Işanowa we Söýli Orazowa “Psihologiýa. Pedagogika” ugry boýunça iň gowy ylmy makalalaryň awtorlary diýlip yglan edildi. Şeýle hem bäsleşigiň netijeleri boýunça redaksiýanyň geňeşiniň karary bilen, iň gowy makalalaryň awtorlaryna degişli ugurlar boýunça ýeňijiniň diplomlary gowşuryldy.

Ýeňijileriň işleri bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň teklibi bilen “Kaspi ylmy žurnalynyň” ylmy neşirinde çap edilmäge we РИНЦ (Российский индекс научного цитирования) maglumat binýadyna ýerleşdirilmäge hödürlenildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.