Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Bilim” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

13.09.2024

154

“Bilim” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň 4-nji sany çapdan çykdy. Žurnalyň täze sany taýýarlanylanda, däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky talaplaryndan ugur alyndy. 

Žurnalymyzyň şu sanynyň baş makalasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze okuw ýylyna ykjam taýýarlygy barada giňişleýin gürrüň berilýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda mekdepleriň hem mekdebe çenli terbiýe edaralarynyň täze binalary gurlup ulanmaga berildi. Birinji synpa gidýän okuwçylaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan täze kompýuterler sowgat edildi. Makalada bular baradaky gyzykly hem anyk maglumatlar beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilýän awgust maslahatlary barada hem giňişleýin habar berilýär. 

Žurnalyň sahypalarynyň aglaba bölegi ylmy makalalara bagyşlanypdyr. Bu bölümde orun alan makalalardan Baýramgül Orazdurdyýewanyň “Milli jemgyýetimiziň kada-kanunlarynda Magtymguly Pyragynyň edebi pikirleriniň orny”, Oguljennet Ýazmyradowanyň “Ylmy maglumatlaryň çeşmeleri” atly makalalary we ylmyň dürli pudaklaryna, usulyýetiň görnüşlerine bagyşlanylan beýleki ylmy makalalar ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň giň köpçüligine niýetlenilendir. 

Žurnalymyzyň şu sanynda mekdebe çenli terbiýäniň meselelerine bagyşlanan makalalaryň ikisi ýerleşdirildi. Ogulbagt Kösäýewanyň “Körpeler bilen surat sapagyny guramagyň usullary” we Jeren Jumabaýewanyň “Türkmenistanda ilkinji çagalar bagy ” atly makalalary körpelere terbiýe bermekde usuly gollanma bolup hyzmat eder. Umumybilim berýän mekdepde okatmagyň usulyýetine bagyşlanan bölümde tejribeli mugallymlaryň usuly makalalarynyň bäşisi çap edildi. 

Orta hünär bilimi bölüminde çap edilen makalalar ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde ulanylýan usulyýet barada habar berýär. Olar geljekki mugallymlary taýýarlamagyň aýratynlyklaryna bagyşlanýar.

Ýokary bilime degişli çap edilen makalalar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilim-terbiýeçilik we ylym-hünär işleriniň döwrebap guralyşy, täze usulyýetleri we bu ugurda ýokary mekdebiň mugallymlaryna kömek bolup biläýjek maglumatlary beýan edýär. Makalanyň awtorlary – ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli professor-mugallymlary öz baý tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşýarlar. 

Žurnalda çap bolan makalalaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini goldamak, şol özgertmeleriň her bir bilim işgäriniň öňünde goýýan borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri gozgaýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

“Bilim” ylmy-usuly žurnaly 


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address