Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilşigiň gözegçiligi üçin platforma işe girizildi

22.07.2025

6794

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilşigiň gözegçiligi üçin platforma işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda kabul edilşigiň ýagdaýyny beýan etmek üçin dalasgar.bilim.tm atly maglumat beriji web saýtyny işe girizdi. Bu barada ministrlikde habar berdiler.

Türkmenistanda ilkinji gezek okuwa kabul edilşik bilen baglanyşykly maglumatlaryň her gün täzelenip durýan interaktiw onlaýn platformasy döredildi. Bu çeşme arkaly dalaşgärler her ýokary okuw mekdebindäki her hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň sany, berlen arzalaryň geografiýasy, taýýarlyk ugurlary boýunça bäsdeşligiň derejesi boýunça degişli maglumatlary alyp bilerler.

«Platforma dalaşgärlere öz bilim derejesini we okuwa girmek mümkinçiligini seljerip, hünär we ýokary okuw mekdebi saýlanyňda esasly karara gelmäge, resminamalaryň tabşyrylma depginini hakyky wagt düzgüninde yzarlamaga ýardam berer» - diýip, ministrlikde belläp geçdiler.

Bu maglumat ulgamynyň döredilmegi okuwa kabul edişligiň aç-açanlygyny we adalatlylygyny üpjün etmek, ýaşlara geljekki hünärini saýlamagynda düşünjeli goldaw bermek, bilim ulgamynda açyk maglumat gurşawyny emele getirmek maksadyna gönükdirilendir.

Çeşmesi: Turkmenportal

Şeýle hem okaň: orient.tm

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address