Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

dalasgar.bilim.tm

Centralized services and information portal of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Täze sepgitleri nazarlap

25.07.2025

242

Täze sepgitleri nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berilişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň:« Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri,* olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 24-i 25-i Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her okuw ýylynda yglan edilýän we geçirilýän «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy», «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriň jemleýji döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň (doganlarynyň) gatnaşmaklarynda geçirilýän “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” we aşpezleriň arasynda geçirilýän «Bereketli türkmen saçagy»  atly bäsleşikler “Saglyk” döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda, çagalaryň jan-saglygyny goramakda, bedenini berkitmekde, arassaçylyk kadalarynyň talaplaryny doly berjaý etmekde, çagalaryň ýeke-täk talaplara laýyklykda iýmitlenmeklerini üpjün etmekde tapawutlanyp, yhlasly işleýän şepagat uýalaryny we aşpezleri höweslendirmek we olaryň göreldeli çekýän zähmetini ýüze çykarmak hem öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan şepagat uýalary we aşpezler gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylar wideosidi ýazgynyň üsti bilen alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler, syýasy we hünär taýýarlygyna degişli soraglara jogap berdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bolsa şepagat uýalary bir günlik tagamnamany düzdiler, aşpezler bolsa şol tagamnama esasynda çagalara naharlar , içgiler  we işdäaçar taýýarladylar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň (doganlarynyň) gatnaşmaklarynda geçirilen “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Arkadag şäheriniň 3-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Aýnur Çaryýewa,  aşpezleriň arasynda geçirilen «Bereketli türkmen saçagy»  atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Aşgabat şäheriniň    113-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Marina Arazowa mynasyp boldular.

Bäsleşikleriň ýeňijileri we bäsleşige işjeň gatnaşan şepagat uýalary we aşpezleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy.

Pursatdan peýdalanyp, bilim ulgamyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, biziň gelejegimiz bolan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda gije-gündiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Maral Pirliýewa

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.w.ý.ý.

neutrality.gov.tm

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.