Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary HHR-nyň Pekin adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetinde tejribe geçdiler

31.07.2025

804

Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary HHR-nyň Pekin adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetinde tejribe geçdiler

14–28-nji iýuly aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň binýadynda önümçilik tejribesini geçdiler.

Türkmen uniwersitetiniň wekilleri üçin hytaý kärdeşleri tarapyndan giň gerimli bilim we medeni maksatnama taýýarlanyldy. Iki hepdelik önümçilik tejribesiniň dowamynda türkmenistanly talyplar Pekin uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlarynyň geçýän manyly leksiýalaryna gatnaşdylar, şeýle-de akupunktura (iňňe sanjymlar), tuýna (massaž) we fitoterapiýa (ösümlik lukmançylygy) ýaly adaty hytaý lukmançylygynyň usullaryny öwrenmäge bagyşlanan amaly sapaklara işjeň gatnaşdylar. Pekin adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň klinikalarynda tejribeli hytaý hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda geçirilen tejribe sapaklary talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda netijeli boldy.

Pekin adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetindäki bilim çäreleri talyplaryň okuw wagtynda alan bilimlerini ep-esli çuňlaşdyrdy we giňeltdi şeýle-de dürli keselleri bejermegiň we öňüni almagyň nusgawy we alternatiw usullaryny ulanmakda, şeýle hem häzirki zaman lukmançylyk tejribesinde ulanmakda goşmaça hünär endiklerini we gymmatly tejribe toplamaga mümkinçilik berdi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary gyzykly gezelençlere gatnaşdylar, adaty hytaý lukmançylygynyň baý taryhy we özboluşly däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik beren tematiki sergilere gatnaşdylar.

Gelejekki türkmen lukmanlary üçin tomusky önümçilik tejribesi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekin adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde gurnaldy. Akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen taraplar tarapyndan gol çekilen resminama bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmegi, ylmy barlaglary geçirmegi, şeýle-de talyp we mugallym alyş-çalşygyny göz öňünde tutýar.

Türkmen talyplarynyň Pekindäki önümçilik tejribe maksatnamasyna gatnaşmagy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky üstünlikli ösýän halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlyk ýaş hünärmenler üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, mugallymlaryň, ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň hünär taýdan ösmegine uly täsir edýär hem-de ýurdumyzyň ylmy we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä derejesine çykarmagyň aýdyň mysalydyr.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address