Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

"Awaza" – dost-doganlygyň mekany

02.08.2025

505

"Awaza" – dost-doganlygyň mekany

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminiň soňky aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp ýerlerinde dynç alyşda bolýarlar. Bu ýerde her bir adam, dynç alyşy ähli taraplaýyn, ýagny saglygy dikeltmek bilen utgaşdyryp bilýär, şeýle-de deňizde hem-de gury ýerde islegine görä wagtyny ýakymly geçirip bilýär. Ýahtalar, gaýyklar, katerler, suw paraşutlary – bu dynç alýanlar üçin hödürlenýän hyzmatlaryň diňe bir bölegi.

Sport toplumlary, tennis meýdançalary, suw howuzlary, attraksionlar, ajaýyp restoranlar – bularyň hemmesi mawy deňiz, gülleýän ýaýla hem-de depeler bilen bilelikde utgaşyp, aýratyn bir özboluşlylygy, gözelligi döredýär. Däp bolan myhmansöýüjilik hem-de hyzmatyň ýokary derejesi, ajaýyp howa şertleri, amatly ekologik şertler, arassa deňiz suwy Awazanyň özboluşlylygyny aýratyn belläp geçýär. Arassa deňiz howasynda döwletliler köşgüniň çagalary wagtlaryny hoş we peýdaly geçirýärler. Çagalar sport bilen surat çekmek, küşt, şaşka oýunlary bilen meşgullanýarlar, tans we folklor çykyşlaryny ýerine ýetirip wagtlaryny diýseň gyzykly geçirýärler.

Nurlyýew Baýramsähet,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti

Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan

adyndaky Döwletliler köşgüniň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address