
News
508

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli ajaýyp şertler bu ýerde iň ýagşy arzuw-isleglere laýyk derejede dynç almaga doly mümkinçilik berýär. Hut, şoňa görä-de, wagtlaryňyzy hoş geçirip, dynç alyşymyzyň hözirini görüp bagtyýar raýatlar üçin Awazada döredilen ýakymly mümkinçilikler, taýsyz peşgeşler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyklarymyzy aýdýarys.
Biz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda wagtymyzy diýseň hoş we peýdaly geçirýäris, 1-nji awgustda gelenimizde köşgümiziň çagalary dürli aýdym-sazly, tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler, surat çekýärler, her dürli şekilleri ýasaýarlar, gyzlar haly dokaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir diýip bellemegi Türkmenistan ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri barada alada edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Hojakäýew Diýar,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti
Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan
adyndaky Döwletliler köşgüniň okuwçysy