Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

TALYP BOLMAK-ULY BAGT

05.08.2025

599

TALYP BOLMAK-ULY BAGT

          Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Bilim arkaly beýik geljek gurulýar” diýip belleýär. Biz ýaşlaryň ylymly-bilimli öz saýlan ugrumyz boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär.

       Her bir ynsanyň ýüreginde beslän arzuwlary bolýar. Şol arzuwlar geljekki ösüşlere, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Meniň hem ýüregimde beslän arzuwym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hasyl boldy. Bagtyýar ýaşlaryň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Biz ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan, söýgüsinden binýat bolan Arkadag şäherinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa gadamy bilen açylyp ulanmaga berilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bosagasyndan bagtdan paýly ýaşlaryň uly topary bilen birlikde gadam basýandygyma, bu ýerde ylymyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge mümkinçilik alýandygyma buýsanjymyň begenjimiň çägi ýok. Saýlap alan ugrum bolan “Sirk sungaty” taýýarlyk ugrynda halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda okap bilim alyp, ýurdumyzyň sirk sungatyny ösdürmekde, bu ugry ylmy esasda öwrenip üstünlikler gazanjakdygyma ynandyrýaryn.

       Döwrebap ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagymyz, geljekde saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin!

Aýjennet Seýitniýazowa

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address