Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

«GÖWÜN AT ÜSTÜNDE GANAT BAGLADY»

05.08.2025

559

«GÖWÜN AT ÜSTÜNDE GANAT BAGLADY»

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyz özüniň okgunly ösüşi bilen öňe barýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň beýik ösüşlere beslenýän günlerinde 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” maňada üstünlikler gazanmak bagty miýýeser etdi. 2024-2025-nji okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama bäsleşiginde Arkadag şäher tapgyrynda I oruna mynasyp bolup, orta mekdebi üstünlikli tamamlamak miýýeser etdi.

        Men çagalykdan başlap atçylyk bilen içgin gyzyklanyp, bu täsin sungatyň inçe tilsimlerini ylmy esasda öwrenmäge hem höwes edýärdim. “Ata kesbi-ogla halal” diýlişi ýaly, atçylyk hünärni dowam etdirmek islegim, atlara bolan söýgim, yhlasym meni Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna alyp geldi. Behişdi ahalteke bedewlerimiziň taryhy we asyl mekanynda Arkadag şäherinde bina edilen, bilim ojagynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Atçylyk” hünäriniň talyby bolmaklygyň, bu ýokary okuw mekdebinde okamaklygyň nähili uly bagtdygyny uly buýsanç bilen belläsim gelýär. Çünki ýokary okuw mekdebine öz ömrüni atşynaslyga bagyşlan Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy gadymy döwürlerden bäri il içinde sarpalanýan hünär bolan atçylyga ykbalyny baglan adamlara goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr. Men hem bu asylly käriň eýesi bolmak bagtyna eýe bolanlygyma buýsanjymyň, begenjimiň çägi ýok. Ynha nesip bolsa biz hem türkmen bedewleriniň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmekde, at çapyşyklarda, atçylyk sportuny has-da ösdürmekde, atçylyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenler bolup ata watanymyza mynasyp goşandymyzy goşýan ýaşlaryň biri bolarys diýip ynandyrýaryn.Anchor

    Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny döwletli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Kerwen Orazgeldiýew

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address