
News
721

Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp duran ‘Awaza’ milli syýahatçylyk zolagynyň eziz diýarymyzyň beýleki dynç-alyş merkezlerinden tapawutly tarapy onuň ekologik taýdan arassa, jana şypaly deňiz ýakasynda ýerleşýänligidir. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň ähli sebitlerinden hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen dürli ýaşdaky adamlaryň uly topary hezil edip dynç alýarlar. Awazada dynç alýan dürli ýaşdaky raýatlar “Awaza” akwaparkynda, “Älemgoşar”, “Jadyly kenar”,”Deňiz merjeni” atraksionly seýilgählerinde baý mazmunly gyzykly gezelençlerde bolýarlar.
6-njy awgustda Döwletliler köşgüniň çagalary dynç alşyň dowamynda Akwapark hem-de suwa düşülýän howzunda bolup wagtlaryny diýseň şadyýan geçirdiler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli ajaýyp şertler bu ýerde iň ýagşy arzuw-isleglerine laýyk derejede sapaly dynç almaga doly mümkinçilik berýär. Hut şoňa görä-de wagtlaryny hoş geçirip, dynç alşyň hözirini görýän çagalar Awazada döredilen ýakymly mümkinçilikler, taýsyz peşgeşler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh
Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgi