
News
933

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli ajaýyp şertler bu ýerde iň ýagşy arzuw-isleglere laýyk derejede dynç almaga doly mümkinçilikler bar. Hut şoňa görä-de, wagtlaryny hoş geçirip, dynç alşyň hözirini görýän bagtyýar nesiller Awazada döredilen ýakymly mümkinçilikler, taýsyz peşgeşler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.
Bu günler çagalaryň arasynda guralýan zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda medeni sport çäreleriniň, şadyýan oýunlaryň, gezelençleriň şowhuny bu gün ajaýyp zolagyň çar künjini gurşap alýar. Şu gün ýaş zehinli çagalar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurnalan sergä aýlanyp gördüler. Sergide gurnalan ähli görkezme esbaplar bilen çagalar berlen gürrüňleriň esasynda tanyşdylar. Hut çagalyk döwründe şahsyýetiň esasy häsiýetleri, ahlak gymmatlyklary, Watana bolan söýgüsi, milli däp-dessurlara hormaty, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly kemala gelýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh
Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgi