Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Mahabat işi hakda gollanma

13.09.2024

131

Mahabat işi hakda gollanma

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedra-synyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mäm-medow tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Mahabatyň esaslary» atly täze okuw kitabynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabat işi, onuň düýp manysy, aýratynlyklary hem-de guralyşy barada söhbet edilýär.

Okuw kitabynda mahabatyň ähmiýetine, görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilmek bilen, onuň gelip çykyşy, toparlara bölünişi, täsir ediş ýollary, žurnalistika we jemgyýetçilik bilen arabaglanyşyk, onuň esasy žanrlary, mahabat tekstleri barada maglumatlar beýan edilýär. Şeýle hem kitapda mahabat bildirişiniň aýratynlyklary, häzirki zaman mahabat strategiýalary, mahabat bazary, mahabaty ýaýradyş serişdeleri, gazet redaksiýasynda mahabat nyrhy we nusga syýasaty hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Metbugat we internet neşirlerinde mahabaty ýerleşdirmegiň aýratynlyklary, telewideniýedäki we radiodaky mahabatyň özboluşly taraplary, mahabat beriji we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly temalar boýunça gürrüň gozgalýar.

Mälim bolşy ýaly, mahabat döwrüň hereketlendiriji güýji bolmak bilen, Türkmenistanda bu ulgamyň işi kämilleşdirilýär we barha giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde media serişdelerinde mahabatyň ornunyň has-da artýandygy göz öňünde tutulyp, mahabat işleriniň ýola goýluşynyň bu ugurdan bilim alýan talyplar tarapyndan özleşdirilmegi ýaşlar üçin örän ähmiýetlidir.

Okuw kitaplaryny taýýarlamak, döwrebap hünärmenleri ýetişdirmek babatda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp neşir edilen bu kitap žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplardyr olary okadýan mugallymlar, gazet-žurnallaryň, telewideniýe we radio ýaýlymlaryň işgärleri üçin niýetlenendir. Kitap mahabat işi bilen gyzyklanýan hünärmenlere hem peýdaly bolup biler.

"Türkmenistan"

13.09.2024ý. №233


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address