News
376
Dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna häzirki wagtda dynç almaga gelýän raýatlaryň sany barha artýar. Bu ýere tomus dynç alyş möwsüminde dynç alşa gelen Döwletler köşgüniň ýaş nesilleri hem dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, seýilgählerde, aýdym-saz merkezlerinde, sport desgalarynda, deňiz kenarynda we beýleki ýerlerde ýokary hil ülňülerine kybap döredilen ähli amatlyklardan peýdalanyp, bu meşhur zolagyň taýsyz täsinliklerinden, gözelliklerinden ruhy lezzet alyp dynç aldylar. Çagalar deňiz ýaka kenarlarynda her gün gezelenje çykyp, onuň hoştap howasyndan dem almaklary dynç alşyň egsilmez hözirini gördüler. Çagalaryň arasynda guralan zehin we döredijilik bäsleşikleriniň şol sanda, medeni sport çäreleriniň, şadyýan oýunlaryň, gezelençleriň şowhuny çagalarda uly täsir galdyrdy. Şu gün 8-nji awgustda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň döredijilik topary köşgümiziň çagalary bilen söhbetdeş bolup olaryň dynç alyş günlerini nähili geçirendikleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň täsinlikleri barada özlerinde galan ýakymly ýatlamalar dogrusynda gürrüňdeşlikleri geçirip, ýazgy etdiler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli ajaýyp şertler bu ýerde iň ýagşy arzuw-isleglere laýyk derejede ýakymly dynç almaga doly mümkinçilikleri berýär. Hut şoňa görä-de wagtlaryny hoş geçirip dynç alşyň hözirini görýän bagtyýar nesiller Awazada döredilen ýakymly mümkinçilikler, taýsyz peşgeşler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh
Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgi
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.