News
33
2025-nji ýylyň 11-13-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň başlangyjy bilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleri üçin usulyýet-amaly okuw-seminary geçirildi.
Seminaryň dowamynda ýurduň bilim işgärleriniň öňünde goýlan wezipeler, milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ylmy taýdan sowatly, giň gözýetimli we maksada gönükdirilen işgärleriň terbiýelenmegi, okatmak işine häzirki zaman usullarynyň hem-de öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem 2025–2026-njy okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garalyp geçildi.
Seminara gatnaşyjylar Türkmenistanyň umumybilim berýän we mekdebe çenli bilim edaralary üçin döwlet bilim standartlaryny, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça 2020–2025-nji ýyllar üçin maksatnamany», şeýle hem Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryny öwrenip, ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň çäklerinde bilim işini häzirki zaman usullary bilen guramak boýunça tejribe alyşmak hem geçirildi.
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.