
News
904

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýaşlaryň döwrebap ýokary hilli almagy, kämil hünärmen bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda milli bilim ulgamy täze belentliklere galdy. Bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, birnäçe mekdepler, çagalar baglary gurlyp ulanylmaga berildi.
Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet arkaly uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Bu hem, milli bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda işläp biljek kämil hünärmenleri kemala getirmekde bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş wezipeleriň biridigine şaýatlyk edýär.
16-njy awgustda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde Balkan welaýatynyň bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlarynyň welaýat maslahaty “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygar bilen guramaçylykly geçirildi. Oňa welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar.
Maslahaty Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy H.Hudaýberenow açyp, 11-13-nji awgustda guralan bilim işgärleriniň nobatdaky usuly-amaly okuwlarynyň üstünlikli geçirilendigini belläp, 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemleri hakyndaky çykyşy diňlenildi. 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeler barada aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olara hünär öwretmekde ýerine ýetirmeli işler barada giňişleýin durup geçdi.
Maslahatyň dowamynda bilim işgärleri Gyrmyzy Maşadowa, Döwranguly Annagulyýew, Arazdurdy Goşjanow, Gözel Myradowa, Gülälek Söýeşowa, Rejepguly Amangeldiýew dagy täsirli çykyş etdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçiliklerine tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.
Maslahatyň ahyrynda geçen 2024-2025-nji okuw ýylynda tapawutlanan öňdebaryjy bilim işgärlerine welaýat Baş bilim müdirliginiň we kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Maslahata gatnaşyjylarda öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribelerinden taýýarlanan kämil görkezme esbaplara aýratyn täsir galdyrdy.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömri uzak, tutýan belent maksatlary elmydama rowaç bolsun!
Balkan welaýat Baş bilim müdirligi