Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

TÄZE SEPGITLER KESGITLENILDI

16.08.2025

1023

TÄZE  SEPGITLER  KESGITLENILDI

Mary welaýaty. Mary şäherindäki 28-nji orta mekdepde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýen şygar astynda welaýatyň bilim işgärleriniň awgust maslahaty guramaaçylykly geçirildi.

Maslahata welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleri,bilim edralarynyň ýolbaşçylary, welaýathäkumliginiň, syýasy partiýalaryň,  jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Mary welaýat häkiminiň orunbasary Ç. Akyýewa gutlag sözi bilen çykyş edip, welaýatyň bilim işgärlerine täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň  öňe sürýän bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde uly üstünlileri arzuw etdi.

Mary welaýat Baş ilim müdirliginiň başlygynyň wezipesiniwagtlaýyn ýerine ýetiriji A. Annaseýidow “ 2024-2025-nji okuw ylynyň jemleri we täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler barada “ hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatda welaýatyň bilim işgärleriniň geçen okuw ýylynda gazananüstünlikleri, ýetiln sepgitler barada giňişleýin durlup geçildi. Welaýatyň bilim işgärleri indi telim ýyldan bäri “Altyn asyryň altyn nesilleri “ atly ders bäsleşigniň jemleri boýunça ýurdumyz boýunça öňe saýlanýarlar. Maslahatda täze okuw ýylynda  okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, çagalara berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, gazanylýan üztünlikleri has-da berkitmek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatda hasabaty ara alyp maslahatlaşmak boýunça “Iň göreldeli mekdep müdiri “atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi, Mary şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň müdiriO.Mämmetdurdyýewa, “Ýylyň terbiýeçisi-2023” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 1-nji orna mynasyp bolan, Murgap etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi O. Durdymyradowa, “Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 1-nji orna mynsyp bolan, Türkmengala etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy G.Akmyradowa, Mary şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, ýaş hünärmenÇ. Parahadowa we başgalar çykyp gepleiler.

Maslahatyňahyrynda welaýatyň öňde baryjy bilim işgärlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat brleşmesiniň,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyyň welaýat geňeşiniňsowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Annamyrat HOTJYÝEW,

Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address