Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

dalasgar.bilim.tm

Centralized services and information portal of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Mary welaýatynda müňden gowrak ýaş hünärmenler täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň hataryna goşuldy

19.08.2025

231

Mary welaýatynda müňden gowrak ýaş hünärmenler täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň hataryna goşuldy

1 müň 75 sany ýaş hünärmen 2025-2026-njy okuw ýylynyň bosagasynda Mary welaýatynyň bilim işgärleriniň hataryna goşuldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerini tamamlap, başlangyç synp, dürli okuw dersleri, aýdym-saz we şekillendiriş sungaty dersleri boýunça ýörite ýollanma bilen gelen ýaşlaryň 347-si Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň uçurymlarydyrlar.

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň maglumatyna görä, işe ýollanan ýaş hünärmenleriň hemmesi öz ugradylan salgylary boýunça işe ýerleşdirildi we saýlan hünärlerine girişdiler. Işe baran ýerlerinde olar tejribeli halypalara şägirtlige berkidildi.

Ýaş hünärmenler, ähli bilim işgärleri bilen bir hatarda, ýakynda guralan üç günlük usuly okuwlara, şeýle-de bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna gatnaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

neutrality.gov.tm

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.