Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Aşgabatda “Kids Expo- hemme zat çagalar üçin” atly halkara uniwersal sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.

21.08.2025

698

      Aşgabatda “Kids  Expo- hemme zat çagalar üçin” atly halkara uniwersal sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.

  Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde ýaş neslimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini kemala getirmek döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bagtyýar neslimiz döwletimiz tarapyndan aýratyn alada, söýgi bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýörite maksatnamalar esasynda çagalaryň beden taýdan sagdyn, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy öz işini başlady we özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüldi. Bu halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen bäsleşikler, gyzykly çäreler guralyp, çagalar egin-eşikleriniň görkezilişi, multfilmleriň görkezilişi, çagalara hem-de ýetginjeklere niýetlenen sessiýalar, ene-atalar üçin duşuşyklar meýilleşdirildi.Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnalan bu ajaýyp sergi çagalar üçin niýetlenip öndürilýän iň gowy zatlary bir ýere jemledi. Bu sergi çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär. Çärä Russiýa, ABŞ, Kanada, Germaniýa, Portugaliýa, Italiýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Hytaý, Bahreýn, Beýik Britaniýa, Gyrgyzystan, Gazagystan we beýleki ýurtlardaky çagalar harytlary we hyzmatlary bilen meşgullanýan kompaniýalar gatnaşýar. KIDS EXPO  öňdebaryjy dünýä we içerki öndürijileriň çagalarüçin niýetläp taýýarlanan dürli harytlaryny we hyzmatlaryny giň köpçülige hödürleýär. Sergä gelýänleroýunjaklardan we egin-eşiklerden başlap, okuw esbaplaryna çenli çagalaryň önümleriniň iň täzelerini görüp bilerler.

      Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: «Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär».

       «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin»  sergisi işläp başlan ilkinji gününden, ene-atalar we çagalar üçin dürli çäreleri, hyzmatlary we çeşmeleri öwrenmäge mümkinçilik berýän şatlyk, okuw we oýun meýdançasyna öwrüldi. Sergi çagalar harytlary pudagynyň köp tematiki ugurlaryny öz içine alýar.            

        Sergi ajaýyp tomaşalar, ýaryşlar, robotlaryň sergisi we başga-da köp gyzykly wakalar bilen myhmanlary begendirer.  

         Pursatdan peýdalanyp, biziň gelejegimiz bolan, ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan-saglyk, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address