Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Kids Expo - hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň giň gerimli mümkinçilikleriniň ähmiýeti

23.08.2025

651

Kids Expo - hemme zat çagalar üçin” atly halkara 
sergi-ýarmarkasynyň giň gerimli mümkinçilikleriniň ähmiýeti

Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ýaş neslimiziň hemmetaraplaýyn ösüşi barada edilýän aladalaryň durmuşda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

“Kids Expo – hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy birnäçe wajyp ugry öz içine alýan köpugurly bölümler boýunça geçirilen çäreleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleri, dürli kärhanalarynyň 80-den gowragy özleriniň diwarlyklaryny gurnadylar. Sergide türkmen we daşary ýurt kärhanalaryna innowasiýa ösüşlerini ýaýbaňlandyrmaga, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmaklaryna, ussat pedagogik işgärlerden ata-enelere çaga terbiýesi we kitap okamagyň peýdasy barada maslahat almaga, çagalara bolsa bäsleşiklere we ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp, öz ukypdyr başarnyklaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy. Bilim ministrliginiň diwarlyklary arkaly ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, sagdyn ösmegi we döredijilik ukypdyr başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin giň gerimli mümkinçilikleri tanyşdyryldy.

Sergide Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek üçin ulanylýan usulyýetler barada berlen maglumat, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň üçünji gününde çagalar üçin dürli ugurlar boýunça tälim beriji ussatlyk sapaklary, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä oýunlary dogry saýlap almak barada ata-enelere maslahat beriş sapaklary, kiçi ýaşly çagalaryň arasynda özboluşly bäsleşikler guraldy.

Umuman, döwlet we halkara ähmiýetli geçirilen bu sergi-ýarmarkanyň giň gerimli mümkinçilikleriniň netijesi 2025-2026-njy okuw ýylynda ösüşleriň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Kids Expo – hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi ýurdumyzda guralýan çäreleriň toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezdi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýaş neslimiziň geljegi üçin edilýän alada, döredilýän mümkinçilikler her bir ynsanyň kalbynda buýsanç duýgularyny döretdi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address