Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynda «Sumo robot» bäsleşigi guraldy

25.08.2025

561

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynda «Sumo robot» bäsleşigi guraldy

Aşgabatda geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynyň «Sumo robot» bäsleşigi guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde geçiren bäsleşigine ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy.

Ýekeleýin esasda geçirilen «Sumo robot» bäsleşiginde, gatnaşyjylar robot maşynlary ýörite meýdançada göreşdirdiler. Ýaryşyň şertine laýyklykda, okuwçylar öz robotlary bilen garşydaşynyň robotyny ýapon sumo göreşindäki ýaly, kesgitlenen meýdançanyň daşyna çykarmak üçin “güýç synanyşdylar”.

“Bäsleşige okuwçylar hut özleriniň taýynlan robotlary bilen gatnaşdylar. Olaryň hersiniň agramy 1,2 kilograma, göwrümi 25х25 santimetre deň. Batareýalarynyň naprýaženiýasy 12 woltdan ýokary däl we “Ardunio T-T” diýlip atlandyrylýan motorlary bar. Deň häsiýetli robotlaryň tapawutly tarapy olaryň konstruktiw täzeçilligi we dolandyrýan okuwçylaryň çeýeligi bolup durýar” diýip, ýaryşyň baş Emini Ismaýil Hakimow gürrüň berdi.

Çekeleşikli geçen göreşler has ezberleri öňe saýlady. Ýaryşyň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, 1-nji orna Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjisi Alihan Akgaýew;

2-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Rozymyrat Ýagşymyradow;

3-nji orna Aşgabat şäherindäki 18-nji mekdebiň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjisi Aýhan Garýagdyýew mynasyp boldy.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan höweslendiriji ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. «Sumo robot» bäsleşigi «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň jemleýji gününiň gyzykly wakalarynyň birine öwrüldi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address