Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary tarapyndan «Antiplagiat» atly programma üpjünçiligi döredildi

25.08.2025

786

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary tarapyndan «Antiplagiat» atly programma üpjünçiligi döredildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary tarapyndan türkmen we beýleki dillerde ýazylan maglumatlary özbaşdak seljerip we netijäni çykaryp bilýän «Antiplagiat» atly programma üpjünçiligi döredildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Degişli programma Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan degişli şahadatnama berildi.

Başga bir oýlap tapyş — energiýa sarp edilişini hasaplaýan «akylly» programma üpjünçiligi hem türkmen ýaşlarynyň döredijiliginiň bir miwesidir. Ol gymmat bahaly ýörite datçikler we beýleki hasaplaýjy enjamlary ulanmazdan, yşyklandyryş enjamlarynyň energiýa sarp edişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Bular barada 23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler jaýynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlemäge hem-de täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan ýurduň bilim işgärleriniň maslahatynda aýdyldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address