Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ösüp gelýän ýaṣ nesil baradaky aýdyň mysaly

01.09.2025

614

Ösüp gelýän ýaṣ nesil baradaky aýdyň mysaly

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gowulandyrmak, giň dünýägaraýyşly bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu gün bilim işgärleriniň we ahli halkymyzyň ýürekleri şatlyk we buýsanç duýgularyndan doly! Aşgabat şäheriniň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän täze döwrebap çagalar baglarynyň biri bolan Bagtyýarlyk etrabynyň 191-nji çagalar bagyna ýolbaşçylyk etmek bagty maňada nesip etdi. Bu çagalar bagy 16 topardan ybarat bolup 320 çaga kabul etmäne niýetlenen.

Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, çagalaryň hemmetaraplaýyn döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilen bu çagalar bagynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary, kompýuter otaglary, interaktiw tagtalar, bedenlerini berkitmek üçin howuz we bedenterbiýe otagy, aýdym-saz otagy we ş.m. bar.

Çagalar bagynyň howlusy we daşy köp sanly bezeg agaçlary we güller bilen bezelen, mundan başga-da çagalaryň gezelenç wagtynda çeper edebiýat eserlerini diňlemegi, açyk howada döredijilik bilen meşgullanmagy üçin çagalar bagynyň howlusynda giň bassyrmalar, dürli oýunlar oýnamaklary üçin oýun meýdançalary hem bar.

Men şeýle owadan, döwrebäp çagalar bagyna ýolbaşçylyk etmek bagtynyň meniň paýyma düşendigine guwanýaryn we buýsanýaryn.

Ýurdumyzyň bilimimiziň ähli wekillerini Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyplar güni we täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Garaşsyz baky Bitarap döwletimiziň bilim ulgamyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdaryn! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address