Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Täze okuw ýylyna ajaýyp sowgat

01.09.2025

761

Täze okuw ýylyna ajaýyp sowgat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze özgertmeleriň we ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan ýurdumyzda durnukly ykdysady, syýasy, durmuş-medeni hem ylmy ösüşleri üpjün edýän düýpli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar.

Ine şu gün, biziň ýurdumyzda bilimler we talyp ýaşlaryň güni uly dabara bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň ilkinji gününde, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy we Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy baýramçylygynyň öňi syrasynda Aşgabat şäheriniň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk 16 topardan ybarat bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlar bilen üpjün edilen 192-nji çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada körpeleriň we ata-eneleriň Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden aýdan minnetdarlyk  sözleri dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Biz bilim işgärlerine şular ýaly ajaýyp binada zähmet çekmäge, döretmäge, çaga terbiýesi bilen meşgullanmaga, ýaş nesillere görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň peder-pendini eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

  Aşgabat şäheriniň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda

ýerleşýän 192-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri 

Meredowa Ogulmaral Ýagmyrowna

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address