
News
955

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösüp gelýän ýaş nesilde ýokary ekologiýa medeniýetini terbiýelemek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet ekologiýa syýasatynda döwrümiziň derwaýys meseleleriniň biri hasaplanýan klimatyň üýtgemeginiň öňüni almak, onuň getirýän netijelerine uýgunlaşmak, klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmäge gönükdirilen işler aýratyn möhüm orny eýeleýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň (rejelenen görnüşi)» giň gerimde durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar.
Ýakynda, has takygy, 29-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde işlenip düzülen hem-de köpçülikleýin neşir edilen «Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin klimatyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmäge bolan uýgunlaşma boýunça okuw maksatnamasy we usuly maslahatlar» atly okuw-usuly gollanmanyň (awtorlary: M.Haýkin, W.Danilçenko, S.Durdyýew) tanyşdyrylyşy boldy. Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň jogapkär wekilleri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän pedagogik işgärler, şeýle hem ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta we ýokary hünär mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Bu okuw-usuly gollanmada klimatyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmäge bolan uýgunlaşma boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri üçin okuw-usuly maslahatlar beýan edilen.
Okuw-usuly gollanmanyň neşir edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan eden terbiýäniň 12 görnüşini, aýratyn hem ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesini bermekde, körpelerde ekologiýa medeniýetini terbiýelemekde mekdebe çenli çagala edaralarynyň pedagogik işgärlerine gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.
Okuw-usuly gollanmada beýan edilen usuly maslahatlaryň maksady, Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän pedagoglara klimatyň üýtgemegi temasy boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda sapaklary dogry guramaga, okatmagyň interaktiw usullaryny ulanyp, sapaklary ussatlyk bilen geçirmäge kömek etmekden ybaratdyr. Bu işde üstünlik gazanmak üçin her bir terbiýeçiniň we mugallymyň okuw-terbiýeçilik işlerine döredijilikli çemeleşmegi zerur bolup durýar. Okuw-usuly gollanma türkmen jemgyýetiniň ösüşindäki häzirki zaman meýilleri göz öňünde tutýar we görkezýär. Gollanmada bilim we okuw maksatlaryna ýetmek üçin çaga gönükdirilen häzirki zaman okuw usullaryny ulanmak we çaganyň amaly çärelere işjeň gatnaşmagy, amal etmek, empirik we bitewi öwretmek ýaly täze çemeleşmeleri ulanmagyň okary netijeli usullary we usulyýet tärleri maslahat berilýär.
Belli bolşy ýaly, klimatyň üýtgemegi biziň döwrümiziň iň möhüm we älem möçberli (global) meseleleriniň biri hasaplanýar. Bu wajyp mesele Türkmenistanda öz aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň ösüp barýan ýaş nesliniň klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini peseletmek we oňa uýgunlaşdyrmak boýunça ähli durmuş endiklerini özleşdirmekleri zerur bolup durýar. Çagalar irki döwürlerden başlap, suwy tygşytlamak, gaýtadan dikeldip bolmaýan energiýa çeşmelerini tygşytlamak we galyndylary (zir-zibilleri) azaltmak ýaly durnukly ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini aňsat we çalt öwrenip bilerler. Durnukly ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine laýyk gelýän başarnyklaryň we özüni alyp barşyň çagalary klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak endiklerini kemala getirmäge has gowy taýýarlaýandygyny mugallymçylyk tejribesi görkezýär.
Ýeri gelende Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynda (ÇHHM)» kesgitlenen esasy ugurlaryň 5-nji ugrynyň «Çaganyň howpsuz we arassa gurşawa, şol sanda, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek ugry» diýlip atlandyrylandygyny, onda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça bilim maksatnamalaryna we pedagogik işgärleri taýýarlaýyş okuwlarynyň maksatnamalaryna girizmek wezipesiniň öňde goýulandygyny bellemek gerek. Täze neşir edilen okuw-usuly gollanmanyň «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynda (ÇHHM)» kesgitlenen esasy ugurlary durmuşa geçirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän pedagogik işgärlere gymmatly gollanma bolup hyzmat etjekdigi ikuçsyzdyr.
Okuw-usuly gollanmada beýan edilen usuly görkezmeler mekdebe çenli çagalar edaralarynda üç ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar bilen sapaklary guramak üçin işlenip düzüldi. Okuw maglumatlary tematiki görnüşde hödürlenýär we çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä, aşakdaky üç bölümde öz beýanyny tapýar:
1) 3-4 ýaşly çagalarda duýgy (sensor) endikleriniň ösdürilişi.
2) 4-5 ýaşly çagalara öz elleri bilen durnukly durmuşyň talaplaryny öwretmek.
3) 5-6 ýaşyndaky çagalary klimatyň üýtgemegi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrmak.
«3-4 ýaşly çagalarda duýgy (sensor) endikleriniň ösdürilişi» atly birinji bölümiň maksady çagalaryň tebigatdan lezzet almak, baha bermek we düşünmek ukybyny ösdürmekden ybarat bolup durýar. Bu birinji basgançak dowamly durmuş ýörelgesine uýgunlaşmagy terbiýelemekde we çagalaryň daşky gurşawa bolan aňly gözegçiligini ösdürmekde örän möhümdir. Hut şu basgançak, daşky gurşaw üçin jogapkärçiligiň ösmegini we çagalarda degişli özüňi alyp baryş ukyplaryny üpjün edýär, bu bolsa şahsyýete klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga gönükdirilen çözgütleri kabul etmäge we zerur çäreleri görmäge mümkinçilik berer.
«4-5 ýaşly çagalara öz elleri bilen durnukly durmuşyň talaplaryny öwretmek» diýen ikinji bölümiň maksady bolsa, çagalary ulularyň ýolbaşçylygynda ýönekeý, amaly, terbiýeçilik işlerine (ösümlikleri ekmek we olara ideg etmek, zir-zibilleri dogry toplamak hem-de olaryň mukdaryny we möçberini azaltmak, suwy we elektrik energiýasyny tygşytlamak) çekmekden ybaratdyr. Bularyň hemmesi jogapkärli we işjeň raýatlary terbiýeläp ýetişdirmäge hem-de klimatyň üýtgemegine we bu ugurda dogry, howpsuz özüni alyp barşyna düşünmäge taýýarlanmaga gönükdirilendir.
«5-6 ýaşyndaky çagalary klimatyň üýtgemegi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrmak» diýlip atlandyrylan üçünji bölümiň maksady çagalaryň ýönekeý howa we pasyllaryň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy hadysalara, şeýle hem suwuň esasy ýagdaýlary bilen baglanyşykly fiziki proseslere (ýyladyş, bugarmak, kondensasiýa we buzuň eremegi) mümkingadar, has köp gözegçilik etmeklerini guramakdan ybaratdyr. Çagalar suwuň we tebigy hadysalaryň arasyndaky baglanyşyga gözegçilik edýärler: suw bugarýar we sowaýar ─ bulutlar emele gelýär, suw sowamagyny dowam edýär we buz emele gelýär, kondensasiýa ─ ýagyş ýagmaga başlaýar. Şeýle hem, çagalar ýel, suw we toprak bilen baglanyşykly ýüze çykýan weýrançylykly hadysalara terbiýeçi tarapyndan geçirilýän tejribe işleriniň dowamynda gözegçilik edýärler. Bu hadysalaryň hemmesi howanyň, klimatyň üýtgemeginiň we howa bilen baglanyşykly hadysalaryň esasyny düzýär.
Bu maksatnamada çagalar klimatyň üýtgemegi nazaryýetiniň jikme-jikliklerine we munuň nädip we näme üçin ýüze çykýandygyna düşündiriş bermeklik göz öňünde tutulmaýar. Olar bu hadysalar bilen wizual, işjeň ýagdaýda we ýönekeýje tanyşýarlar. Munuň özi bolsa, öz gezeginde çagalary umumybilim maksatnamalaryny özleşdirenlerinde has düýpli bilimleri we ylmy maglumatlary öwrenmek üçin gowy taýýarlyk bolup hyzmat eder.
Okuw-usuly gollanmanyň öňde atlary görkezilen her bir bölüminde sapaklaryň toplumy hem beýan edildi. Olarda sapagyň temasy, terbiýeçilik maksady, çagalaryň ýaş topary, sapagyň görnüşi we dowamlylygy, sapak üçin zerur materiallar baradaky maglumatlar, sapagyň gidişi jikme-jik beýan edildi. Bularyň ählisi klimatyň üýtgemegi we onuň getirýän netijelerine uýgunlaşmak bilen baglanyşykly bolan zerur bilimleri mekdebe çenli ýaşly çagalara öwretmekde terbiýeçiler we mugallymlar üçin ýol görkeziji bolup hyzmat eder.
Okuw-usuly gollanmanyň her bölüminde terbiýeçiler üçin usuly maslahatlar hem beýan edildi. Şol maslahatlarda bölümleriň mazmunynda beýanyny tapan jemi 25 sapagy okadan wagtynda terbiýeçileriň nämelere üns bermelidikleri, çagalara klimatyň üýtgemegi we onuň getirýän netijelerine uýgunlaşmak baradaky bilimler öwredilende okatmagyň haýsy usullaryndan peýdalanmalydygy dogrusynda zerur usuly maslahatlar berildi. Usuly maslahatlar mugallymlara çaga bilen işlemegiň ýokary netijeli usullaryny salgy berýär we olar bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Şol usuly maslahatlar çaga we onuň okuw işine işjeň ýagdaýda gatnaşmagyny guramaga gönükdirilendir.
«Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin klimatyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmäge bolan uýgunlaşma boýunça okuw maksatnamasy we usuly maslahatlar» atly okuw-usuly gollanmanyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan bilim işgärlerine bu gollanmany okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmak boýunça usuly maslahatlar hem berildi. Olar kiçi toparlara bölünip, okuw-usuly gollanmanyň aýry-aýry bölümlerinde ýerleşdirilen okuw sapaklaryny guramagyň we geçirmegiň käbir usulyýet aýratynlyklaryny özleşdirdiler, bu ugurda özara tejribe alyşdylar.
Täze neşir edilen okuw-usuly gollanmada Türkmenistanyň ösümlik dünýäsine degişli köp sanly görnüşleriň reňkli owadan suratlarynyň ýerleşdirilmegi onuň bilim berijilik we terbiýeleýjilik ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Çagalara türkmen tebigaty we onuň ajaýyp ösümlikleri, olaryň gözelligi, adamyň ýaşaýyş-durmuşy üçin peýdasy, Ýer ýüzünde klimatyň ählumumy möçberde üýtgeýän şertlerinde eziz Watanymyzyň baý ösümlik dünýäsini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we köpeltmek baradaky zerur bilimleri öwretmekde pedagogik işgärler üçin döwrebap gollanma bolar.
Sapargeldi Durdyýew,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş
bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.